3610\1 5.12.08 Welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça döwlet salgyt gulluklaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran «Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy bellenilen işleriň görnüşleriniň we olar boýunça kesgitlenen patent tölegleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» No 9478 kararynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary 2008-nji ýylyň 20-nji noýabrynda No OD/05 buýruk çykardy. Şol buýruk bilen, Ýaşaýyş öýlerini kärendä bermek boýunça şertnamalary häkimliklerde bellige almagyň Tertibi tassyklanylydy (goşulýar). Ýokarda görkezilenleri maglumat we işde ulanmak üçin garamagyňyzdaky döwlet salgyt gulluklarynyň dykgatyna ýetiriň. Goşundy 5 sahypada. Başlygyň Orunbasary P.Prýaniçnikow Ýerine ýetiren Ataýew P. AD-05 20.11.08 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2008-nji ýylyň «20» noýabryndaky OD/05 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy Ýaşaýyş öýlerini kärendä bermek boýunça şertnamalary häkimliklerde bellige almagyň TERTIBI Umumy düzgünler 1. Şu Tertip «Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy bellenilen işleriň görnüşleriniň we olar boýunça kesgitlenen patent tölegleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 9478-nji karary esasynda işlenip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy ýok adamlaryň (mundan beýläk - raýatlar) eýeçiligindäki ýaşaýyş öýlerini kärendä bermek boýunça şertnamalary (mundan beýläk - şertnama) bellige almagy düzgünleşdirýär. 2. Kärendäniň obýekti raýatlaryň eýeçiligindäki ýaşaýyş öýleri bolup durýar. 3. Raýatlar tarapyndan has oňaýly we otaglarynyň
📚 Все законы Туркменистана

Законодательство • Налоги • Нормативные акты

Частые вопросы

3610\1 5.12.08

Полный текст закона доступен выше.

3610\1 5.12.08 Туркменистан

Полный текст закона доступен выше.

Похожие законы

.