Welaýatlar we Aşgabat şäher salgyt bölümlerine «Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary - hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda 1540 belgili «Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary – hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» karar kabul etdi. Şol karar bilen, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary - hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy (goşulýar). Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şol karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaklyk hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeklik tabşyryldy. «Ýuridik tarapy döretmedik telekeçilere salgyt salmagy ýönekeýleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda çykaran 2848-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1996-njy ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 5261-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi. Ýokarda görkezilenleri maglumat we işde ulanmak üçin garamagyňyzdaky salgyt bölümleriniň dykgatyna ýetiriň. Goşundy: elektron görnüşinde. Başlygyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Allaberdiýew Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary - hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibini tassyklamak hakynda «Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem
📚 Все законы Туркменистана
Законодательство • Налоги • Нормативные акты
Частые вопросы
Welaýatlar we Aşgabat şäher salgyt
Полный текст закона доступен выше.
Welaýatlar Aşgabat
Полный текст закона доступен выше.
Aşgabat şäher
Полный текст закона доступен выше.
şäher salgyt
Полный текст закона доступен выше.
Welaýatlar we Aşgabat şäher salgyt Туркменистан
Полный текст закона доступен выше.