Welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça döwlet salgyt gulluklaryna Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2016-njy ýylyň 26-njy sentýabryndaky 2-27/11572 belgili hatynyň esasynda, «Salgytlar hakynda» Türtkmenistanyň Bitewi kanunynyň 105-nji maddasyna laýyklykda, harytlaryň (önümleriň) gönüden-göni eksport edilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara, dokma önümleri olary öndürijiler tarapyndan ýerlemek düzgünini ulanmagyň Tertibini tassyklamak barada" Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2016-njy ýylyň 18-nji awgustynda bilelikdäki çykaran 46-Ö/110-Ö belgili buýrugynyň 2016-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda 1018 san bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet tarapyndan bellige alnandygyny habar berýär hem-de görkezilen buýrugy we Tertibi iberýär. Ýokarda görkezilenleri maglumat we işde ulanmak üçin garamagyňyzdaky döwlet salgyt gulluklarynyň dykgatyna ýetiriň. Goşundy: elektron görnüşinde. Başlygyň orunbasary S.Ataýew Siziň 2016-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda iberen 4295/1 belgili hatyňyza Türkmenistanyň Döwlet Salgyt gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi "Salgytlar hakynda" Türtkmenistanyň Bitewi kanunynyň 105-nji maddasyna laýyklykda harytlaryň (önümleriň) gönüden-göni eksport edilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara, dokma önümleri olary ondürijiler tarapyndan ýerlemek düzgünini ulanmagyň Tertibini tassyklamak barada" Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2016-njy ýylyň 18-nji awgustynda bilelikdäki çykaran 46-Ö/110-Ö belgili buýrugynyň 2016-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda 1018 san bilen döwlet tarapyndan
📚 Все законы Туркменистана
Законодательство • Налоги • Нормативные акты
Частые вопросы
Welaýatlar we Aşgabat şäheri
Полный текст закона доступен выше.
Welaýatlar Aşgabat
Полный текст закона доступен выше.
Aşgabat şäheri
Полный текст закона доступен выше.
Welaýatlar we Aşgabat şäheri Туркменистан
Полный текст закона доступен выше.