TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y Telekeçilik işi hakynda 1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., No 9-10, 58-nji madda) (Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. No 32-IV, 28.02.2015ý. No 194-V, 26.03.2016 ý. No 386-V we 04.11.2017 ý. No 636-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) Şu Kanun Türkmenistanda telekeçilik işiniň (telekeçiligiň) umumy esaslaryny kesgitleýär ̧ telekeçilik işi bilen meşgullanýanlaryň hukuklaryny we jogapkärçiligini belleýär, telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan goralmagyny hem-de goldalmagyny üpjün edýär, telekeçiligiň döwlet dolandyryş edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu Kanun eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňlik düzgünini durmuşa geçirmek, raýatlaryň öz emlägine özleriniň erkin erk edip, haýsy ugurdaky işde işlejekdigini özleriniň erkin saýlap alyp bilmekleri esasynda olaryň iş bitirijiligini hem-de ugur tapyjylygyny giňden ýüze çykarmak üçin şert döretmäge gonükdirilendir. I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER 1-nji madda. Telekeçilik Telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) – munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hemem töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik tarapyň - kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir. Telekeçi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly gadagan edilmedik işiň
📚 Все законы Туркменистана

Законодательство • Налоги • Нормативные акты

Частые вопросы

K A N U N Y

Полный текст закона доступен выше.

K A N U N Y Туркменистан

Полный текст закона доступен выше.

Похожие законы

.