TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., No 3, 58-nji madda) (Türkmenistanyň 29.08.2013 ý. No 429-IV, 03.05.2014 ý. No 84-V, 28.02.2015 ý. No193-V we 26.03.2016 ý. No 385-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) I bap. Umumy düzgünler 1-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we esasy wezipeleri 1. Kiçi we orta telekeçiligiň, üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny döretmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar. 2. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli guralyny hem-de telekeçiligiň ösdürilmeginiň höweslendirilmegi, täze iş ýerleriniň döredilmegi, watanymyzyň haryt öndürijileriniň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde olaryň mümkinçilikleriniň doly möçberde ulanylmagy üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleri döretmek şu Kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar. 2-nji madda. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy 1. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. 3-nji
📚 Все законы Туркменистана

Законодательство • Налоги • Нормативные акты

Частые вопросы

K A N U N Y

Полный текст закона доступен выше.

K A N U N Y Туркменистан

Полный текст закона доступен выше.

Похожие законы

.